- bogun
- 1) Organizmiň ownuk bölekleriň birleşýän ýeri; eliň, aýagyň ownuk süňkleriniň biri-biri bilen birigişýän ýeri.∙ Onuň gara, duzly palçygy, ep-esli ululykda bolan köli emele getirýän duzly suwy guragyry, bilagyry, bogun hem-de damar kesellerini bejermekde ýaramly serişdedir.∙ Küştleriniň perzisi, aty, ruhy, pili we başgalary agaçdan goýnuň bogun süňklerindendir. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Gamyş, gargy we ş. m. ösümlikleriň baldaklaryndaki bölümler.3) Grammatik termin Sözleriň çekimli sesleri boýunça bölünýän bölegi.∙ Seýdiniň hemme dörtlemeleriniň bogun sanlary deň däldir. («Edebiýat»)∙ Bu sözleri ol bogunlara bölüp, ýaňsy bilen aýtdy. (N. Jumaýew, Ak Derek)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar u çekimlisi düşürilip ýazylýar.Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.Meselem bogun - bognum, bognuň, bogny.◊ açyk bogun — Çekimli sese gutarýan bogun. Ýapyk bogun-soňy çekimsiz sese gutarýan bogun.◊ bogny ysmazlyk1) Bir zada erk edip bilmezlik, gaýraty çatmazlyk, bir işe hötde gelip bilmezlik.∙ Bu gezek hem göz-görtele ýalan sözlemägä onuň bogny ysmady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Ol bärden baranda, Artygyň öýde ýoklugyndanmy ýa Şekeriň öýdeligindenmi-bir hili bogny ysmady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)2) Dözüp bilmezlik, el degrip bilmezlik.∙ Onuň dostuna zyýan ýetirmäge bogny ysmaz.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.